Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, orta mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işleriniň many-mazmuny baýlaşdyrylýar, okatmagyň hili gowulandyrylýar.
Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi gönüden-göni orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň hemmetaraplaýyn hem-de çuňňur bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny aýratyn belleýär. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini çözmek maksady bilen ýurdumyzda orta mekdepleriň enjamlaýyn binýadyny berkitmek, okuw-terbiýeçilik işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, interaktiw usullardan peýdalanmak, multimedia tilsimatlaryny ulanmak, sanly bilim ulgamyna geçmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar.