Synag (Italýan tymsaly)

21 Fewral 2021
1170

Bir ýurduň patyşasy wezirine baýramçylyk dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, oňa ýurduň ähli künjegine aýlanmagy we dost-ýarlaryny çagyrmagy tabşyrypdyr. Buýrugy eşiden wezir haýal etmän ýola düşüpdir. Ol patyşalygyň ähli köşkdür galalaryna aýlanyp, patyşanyň dostlaryny däl-de, duşmanlaryny çagyryp çykypdyr. Baýramçylyk güni ýetip gelende patyşa dostlaryny mübäreklemek üçin meýlise barypdyr. Görse, ähli duşmanlary üýşüpdirler. Olary gören patyşa gahar-gazapdan ýaňa sandyrapdyr. Ol weziri ýanyna çagyryp, munuň sebäbini sorapdyr. Paýhasly wezir bolsa:

— Siziň dostlaryňyz ýylyň islendik wagtynda ýanyňyza gelip bilýärler we siz olary elmydama güler ýüz bilen garşy alýarsyňyz. Emma tötänden duşmanyňyz bilen gabatlaşanyňyzda bolsa, siziň ýüzüňizi gam-gussanyň we gahar-gazabyň gara bulutlary büreýär. Şonuň üçin hem baýramçylyk dabarasyna men siziň duşmanlaryňyzy çagyrdym. Goý, olar siziň güler ýüz bilen garşy alýandygyňyzy we özleri üçin ajaýyp toý meýlisiniň guralandygyny görüp, siziň dostuňyza öwrülsinler — diýip, jogap beripdir.

Rus dilinden terjime eden Şemşat KUWWATOWA,
Aşgabat şäherindäki 159-njy çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar