Eneleriň ýürk arzuwy

19 Fewral 2021
1988

Eneler öz mähri bilen bütin barlygy ýyladýar, tümlügi misli ýanyp duran şem kibi ýagtylandyrýar. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, ene mukaddesligi, ene söýgüsi barada ýazylýan eserler, aýdylýan aýdymlar, çekilýän suratlar, döredilýän heýkeller owadan dünýämizi has-da baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde şeýle setirler bar: «Biz eneleriň arzuwynyň geljegiň abadanlygydygy barada hemişe aýdýarys. Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär. Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi».

Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan bu kitabyň täsiri bilen biz žurnalyň şu sanynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Eneleriň ýürek arzuwy» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi çap etmegi makul bildik.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar