Ekologiýa özgertmeleri

18 Fewral 2021
1921

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň daşky gurşawy goramak we onuň abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Karara gol çekmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Karara laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek babatda wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Zamira BABANAZAROWA,
Lebap welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.