Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri milli ulag strategiýanyň esasyny düzýär. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir. Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ornunyň dikeldilmeginiň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda Ýewropanyň we Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtaýar.
Ýurdumyz «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegini işjeň goldaýar. Bu halkara geçelgesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäginden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar deňzi we Garadeňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambeýasynyň mejlisinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda beýan eden halkara başlangyçlarynyň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini belleýär.