Uýalar, dogan üçin siz-de seždegähsiňiz!

18 Fewral 2021
2250

Uýa-aýal dogan hakynda az ýazylmady. Men hem az ýazmadym, şonuň üçin hem biz — döredijilik adamlary öz-özümizi gaýtalamakdan çekinip, göwnüme bolmasa, olary selçeň ýatlaýarys. Uýalar bolsa, ene bilen bir hatarda goýulýan mähribanlar.

Uýa — aýal dogan hakynda gussaly gürrüň etmäge (durmuş bi, çagalykdan bile önüp-ösen, bir döwüm çöregi deň paýlaşan mähribanlary ýatlasaň, gussa batyrýan pursatlar hem bolýar) meýil ýok sende, derrew ýagşy ýatlamalary sere getiresim gelýär. Eger özüňden uly gyz doganyň bar bolsa, ýaşkiçi oglan hem bolsaň, öýde-de, mekdepde-de, hatda özbaşdak maşgalaly bolsaň hem özüňi bütin ömre hossarly diýip biläý.

Narmuhammet KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, žurnalist.