16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy maksatlara hem-de bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.