Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17 Fewral 2021
1650

«Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalary bilen köp ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Golaýda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy bilen bilelikde, habar beriş serişdeleri üçin onlaýn duşuşygyny geçirdi. Onda ýiti ýokanç kesellerine garşy durmaga we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Aşgabat».