Taryhymyzda ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklary, şol sanda sungat eserleri hakyndaky maglumatlar we ýadygärlikler bu günki günde ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplanylýar. Sebäbi eziz Watanymyzyň iň gadymy ýaşaýjylary ilkinji dini ynançlaryny, ruhy medeniýetini diňe sungat eserleriniň üsti bilen beýan edipdirler. Şol sungat eserleriniň hatarynda Watanymyzyň çäginde ýerleşýän arheologik ýadygärliklerden tapylan zenan keşpli heýkeller aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu zenan heýkelleri diňe bir biziň ata-babalarymyzyň döreden ilkinji ruhy medeniýetiniň ýadygärligi bolman, eýsem, iň gadymy döwürlerde ilatyň zenanlara goýan hormatyny, medeniýetde, sungatda ýeten sepgidini şöhlelendirýän taryhy çeşme bolup hyzmat edýär.
Zenan heýkellerini ýasamak täze daş asyryndan (biziň eýýamymyzdan öňki VII-VI asyr) gözbaş alyp gaýdýar. Olar şol döwürde özboluşly sada görnüşde ýasalmak bilen, çylşyrymly dini düşünjäni özünde jemläpdir. Antik eýýamda bu zenan heýkelleri örän täsin bezelen görnüşde çeperçilik eseri hökmünde beýan edilipdir. Ylaýta-da, Gadymy Margianadan beýleki tapyndylar bilen deň derejede zenan heýkelleri tapylypdyr. Onda zenanyň başgaby täje meňzeş bolup, aşagynda iki setir keseligine gidýän nagyşdan jähek we başga-da birnäçe şekilli bezegler bolupdyr. Heýkeljikde zenanyň saçy başgabyň içinde ýygnalyp, alny häzirki döwürde hem türkmen zenanlaryna mahsus bolşy ýaly, göni açylypdyr. Zenan keşpli heýkeljigiň başgaby türkmen zenanlarynyň durmuşa çykan dessine başyna geýýän börügine kybapdaş gelýär. Heýkeliň başgabyndaky nagyşlar, türkmen zenanlarynyň börüginiň öň tarapyna dakýan «kerpiçli maňlaýlyk», «kebelek» ýaly milli bezeg şaý-seplerine örän meňzeş bolupdyr. Käbir zenan heýkelleriniň başgabynyň arka tarapynda ýaglyga meňzeş mata uzalyp gidýär. Bu bolsa zenanlarymyzyň börügi bilen birleşip, arka tarapynda durýan gyňajy ýada salýar. Şol ýadygärlikden tapylan käbir zenan heýkelleriň özüne laýyk gelýän uzyn köýnegine gyzyl reňkde boýag çalnyp, onuň üstünden-de sary reňkde dikligine gidýän göni çyzygyň şekillendirilmegi häzirki döwürde zenan lybaslarynyň arasynda giňden ýaýran gyrasaryly keteni matany ýada salýar. Şeýle-de, sungaty öwreniji alym Nurgözel Bäşimowa Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akgala ýadygärliginden tapylan zenan heýkeline aýratyn ünsi çekýär. Bu heýkel türkmen zenanyna mahsus oturyşly, aýaklaryny dolap duran uzyn köýnekli, başy börükli, öňüne ýaşmak aýlanan gyňaçly, ýüzi dolmuş görnüşde şekillendirilipdir. Diýmek, ýokarda getirilen maglumatlara göz ýetirsek, heýkeller türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynyň, şaý-sepleriniň taryhy köklerini, Watanymyzyň medeni mirasynyň ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklaryny şöhlelendirýär.