Mähir sakasy

14 Fewral 2021
2206

Ýaşy ýetmişiň onuny tegeläp barýan Sonagül eje indi esli ýyl bäri hormatly dynç alyşdady. Ol ömrüniň agramly bölegini çagalar bagynda işläp, çagalara bilim-terbiýe berdi. Tüweleme, döwletli ojagyň eýesi bolup, maşgalasynyň uludan-kiçä ählisiniň agzyny birikdirip oturan enäniň öýünde-de, obasynda-da sylagy ýetikdi. Bu obanyň ýaşaýjylarynyň aglabasy çagalyk ýyllary Sonagül ejäniň elinde terbiýelenipdi. Şonuň üçin hem olar Sonagül ejäni gören ýerlerinde, onuň bilen gadyrly salamlaşýardylar.

Çagalar bagynda işlän döwründe Sonagül eje her gezek körpelere erteki aýdyp bolansoň, olar bilen pikir alyşýardy. Bir gulaga öwrülip, erteki diňleýän çagalaryň pikirlerini bilmek onuň üçin juda gyzyklydy we täsirlidi. Ol diňe ertekiniň däl, eýsem durmuşda bolup biläýjek wakalaryň üsti bilen çagalarda ene-ata sarpa, päk zähmete söýgi, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri terbiýeleýärdi.

Kümüş MÄTNIÝAZOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.