Sport dünýäsinde belent dereje

12 Fewral 2021
1744

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylygy, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan işler barha rowaçlanyp, türkmen sporty mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaş nesillerimiz sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmekde hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatda görkezýän nusgalyk göreldesine eýerýärler.

Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde güneşli Diýarymyz bütin dünýäde sport ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň işjeň agzasy bolup durýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Tuwakmyrat ANNALYÝEW,
Bereket etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.