Ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak we köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir watandaşymyzyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrüldi. Bu ýörelgäniň esasy maksady ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.
Welaýatymyzdaky sport mekdeplerinde ýaşlaryň kämilleşmeklerini, ýokary netijelere eýe bolmaklaryny gazanmak üçin ähli şertler döredilendir. Tennis boýunça ussat türgenleriň geljegine giň ýol açýan Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 6-njy sport mekdebinde netijeli işler alnyp barylýar. 365 orunlyk bu sport mekdebinde sportuň meşhur görnüşleriniň biri bolan uly tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, kikboksing, badminton, gylyçlaşmak boýunça türgenleşik geçirilýär. Mekdebiň daşarky böleginde ýylyň islendik paslynda türgenleşmäge niýetlenilen uly tennis korty, basketbol, kiçi futbol meýdançalary bar. Bu sport mekdebinde häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň 560-dan gowragy türgenleşýär.