Halk aýdymlarynyň perwanasy

11 Fewral 2021
1583

Roza Hudaýbergenowa köp ýyllaryň dowamynda «Pyýala», «Sen-sen», «Gyzlar geleýdi», «Gelinler», «Owazy geldi», «Kim biler», «Nowgül» ýaly aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdi.

Geçen asyryň altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarynda obamyzyň medeniýet öýüne welaýat filarmoniýasynyň artistleri konsert bermäge gelerdiler. Uzyn boýly, dolmuş göwreli, ýüz-gözleri mähirden doly, özüni örän salykatly alyp barýan görmegeý zenan, Türkmenistanyň halk artisti Roza Hudaýbergenowa sahna çykanda, dowamly el çarpmak bilen garşylaýardyk. Sebäbi biz onuň bilbil owazly aýdymlaryna aşykdyk. onuň ajaýyp keşbi göz öňümizden, şirin owazly aýdymlary häli-häzirem gulagymyzdan gidenok.

Ören ATAKOW,
Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň medeniýet merkeziniň bagşylar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy.