Işler gyzgalaňly barýar

10 Fewral 2021
1345

Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir işçi-hünärmenleri öňde duran ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalary abatlamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Kärhananyň abatlaýjy ussalary bar bolan sürüm traktorlarynyň, ýer tekizleýjileriň, bejergi traktorlarynyň ählisiniň tehniki ýagdaýyny gözden geçirdiler. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ekiş möwsümini gysga möhletlerde we ýokary guramaçylykly geçirmek üçin tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hasabyndaky dürli kysymly tehnikalaryň 63-sini sürümde, 38-sini ekişde, 45-sini hem bejergide peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Aýgytly möwsümiň guramaçylykly geçirilmeginde esasy daýanç hasaplanylýan kuwwatly tehnikalary, beýleki oba hojalyk gurallaryny talabalaýyk abatlamak işleri gije-gündizleýin tertipde dowam edýär. Häzirki wagtda bu ýerde etrabyň daýhan birleşiklerine degişli bolan tirkeg gurallaryndan borona-malalaryň 852, ekijileriň 57, dökün berijileriň 27, derman pürküjileriň 36, kultiwatorlaryň hem 169 sanysy doly abatlanyp, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Dürli meýdan işlerinde ulanylýan azallaryň hem çizelleriň käbir enjamlarynyň, beýleki ätiýaçlyk şaýlarynyň birnäçe görnüşi kärhananyň demirçi ussalarynyň öz güýji bilen ýasalýar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).