Bagta ýetiren menziller (Oçerk)

9 Fewral 2021
2627

Haçan-da maňa «Ömrüň manysy näme?» — diýip sowal berseler, men bu sowala edep-terbiýäni özüňe siňdirip, kemally nesli dowam etdirmek, ýagşy işleriň bilen köpe ýaramak, gowulykda yz galdyrmak diýerdim. Ogulsabyr hem wagtynda şeýle terbiýäni alan maşgala. Ol okamak, öwrenmek diýen närsäniň nämedigine düşünip başlanyndan, kitaby özüne hemra edinýär. Wagt diýilýän dynuwsyz öňe hereket edýän gymmatlygyň gadyryna bolsa has ir düşünýär. Kitap okalýan pursat onuň üçin iň manyly pursat bolýar.

Ogulsabyryň ejesi dili süýji, mähirli aýal bolsa-da, maşgalada berk düzgüniň saklanmagynyň tarapdarydy. Ol ýaşlygyndan öwrenen ähli hünärini gyzlaryna geçirmeli diýen ýörelgä uýup ýaşan zenandy. Gyzlar öý bikesi hökmünde arassaçylygy, aşhana işlerini birinji öwrenmelidi. Ejeleriniň göreldesine eýerip, gyzlar ýaşlygyndan bu işlere werziş bolýarlar. Bu babatda Ogulsabyr daýza şeýle diýýär:

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.