Adaty bolmadyk ýyladyşhana

8 Fewral 2021
2164

Häzirki wagtda kiçi hojalyklar adaty ýyladyşhanadan peýdalanýarlar. Şonuň bilen bir hatarda ýyladyşhananyň içinde ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşine baglylykda, kesgitli temperaturany saklamak üçin elektrik energiýasy ýa-da tebigy gaz sarp edilýär. Uzynlygy 26 metr we ini 12 metr bolan polietilen plýonka bilen örtülen ýyladyşhanany kesgitli ýyly howa bilen üpjün etmek üçin gündizki howanyň şertine baglylykda tebigy gazyň on iki sagat ýakylmagy hasaba alynsa (ýyladyşhananyň işçi temperaturasy ýetişdirilýän ekinlere baglylykda saýlanyp alynýar. Mysal üçin: pomidor: 18 — 200 C, hyýar: 20 — 250C). Şeýlelikde, bir peçde sarp edilýän tebigy gazdan dört aýyň dowamynda 8,6 kilogram kömürturşy — CO2 gazynyň bölünip çykmagyna getirýär. Ýyladyşhanada ýakylýan tebigy gaz gyş paslynyň dört aýynda ýakylýar. Netijede, umumy meýdany 312 inedördül metr deň bolan ýyladyşhanada alty sany peçde tebigy gazyň sarp edilmegini we ondan bölünip çykýan kömürturşy gazyny hasaba alsak, onda daşky gurşawa nähili derejede zyýanly täsir ýetirýändigine göz ýetirmek bolýar.

Energiýany tygşytlamaklyk we alynýan önümiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak maksady bilen ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň ylmy-barlag meýdançasynda umumy göwrümi 62 kub. metre deň bolan adaty bolmadyk gelioýyladyşhana guruldy.