Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Ata Saryýew asyl käri boýunça mugallymdy. ...Köpleriň halypasy, uzak ýyllaryň dowamynda, has takygy, ol manyly ömrüniň 40 ýyldan gowragyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde pars dili we edebiýaty dersinden talyplara sapak bermäge bagyşlan agramly adam, belli alym, uly usulçy, ökde terjimeçi, döwrümiziň dünýä beren ägirtleriniň biridi. Şu günüň ýaş dilçileridir terjimeçileri hem-de dilçi talyplar üçin hatyraly halypa hakyndaky maglumatlar gyzykly bolar diýip pikir edýäris.
Ata Saryýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik geňeşliginde 1941-nji ýylyň 7-nji noýabrynda dünýä inýär. Ol 1948-nji ýylda öz obalaryndaky 16-njy (häzirki 5-nji) orta mekdebe 1-nji synpa okuwa gidýär. Umumybilim berýän mekdebi üstünlikli tamamlaýar. Mugallym: “Men çagalygymdan çynym bilen edebiýaty gowy görerdim. Sözleriň manysy ünsümi çekýändir-dä, bir okan zadymy gaýtalamak häsiýetimiň çagalyk ýyllarymyň endigidigini şindilerem unudamok” diýerdi. Ol mekdep döwrem, ondan soňam arap, pars dilleri bilen gyzyklanyp, olary ürç edip öwrenýär. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girmek bagty miýesser edýär. Şeýdip, Ata mugallym uniwersitetiň talyby bolýar we ony üstünlikli tamamlanyndan soňra, şol ýerde mugallymçylyk hünäri boýunça işe alnyp galynýar. Okaýan döwründe-de, mugallym bolup işe başlanyndan soňra-da, Ata Saryýew öz hünär ugry bilen berk baglanyşykly arap, pars dillerini öwrenmegini dowam etdirýär. Geljekki alym arap-pars dillerini bilmezden, türkmen dilini hem, edebiýatyny hem düýpli öwrenip bolmajakdygyna aňryýany bilen göz ýetirýär. Şonuň üçin ol uniwersitete girmänkä-de, talyplyk ýyllarynda-da, mugallym bolup işleýän döwründe-de öz hünär ugruny üznüksiz öwrenmegini dowam etdirýär. Mugallym sapakda mydama: “Okatmak üçin okamalydyr, öwretmek üçinem öwrenmelidir...” diýen sözleri köp gaýtalardy. Mugallymçylyk ýaly asylly kärde, mähriban mugallymymyz heniz işläp ýörkä, talyplaryň uly söýgüsini gazanypdy. Şeýle bolandygy üçindir, sapak geçmegiň, talyplar bilen aragatnaşyk saklamagyň, dil öwretmegiň usulyýeti babatda gürrüň edilende, ilkinjileriň hatarynda halypa mugallymymyz Ata Saryýewiň mylaýym keşbi hakydaňda janlanýar. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde halypa mydama: “Dili öwrenmegi kynçylykly bir zada öwürmäň. Bäş ýyl okaýaňyz, dilçi boljak bolsaňyz, irden iki sözi, agşam iki sözi ýat tutuň. Şeýdip, siz bäş ýylda näçe sözi ýat tutjagyňyzy hasap edip görüň...” diýerdi. Şeýle hem mugallym daşary ýurt dilini öwrenmek üçin öwrenilýän diliň, ortaça, 2500-3000 sözüni öwrenmegiň ýeterlikdigini aýdardy. “Şonda siz öwrenýän diliňiziň wekilleri bilen arkaýyn düşünişip bilersiňiz!”. Bu mugallymyň maslahatydy.