Çagalar bagynda çaganyň sözleýşini ösdürmek, dil baýlygyny artdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çagalara ene dili öwredilende, ol jisim dünýäsini sözler dünýäsine öwürýär. Ikinjiden bolsa, çaga türkmen halkynyň medeniýeti, ruhy baýlyklary barada ilkinji düşünjeler berilýär.
Sözleýiş dilini ösdürmekde halkyň ruhy hazynasy bolan halk döredijilik eserleri çagalar üçin uly mekdepdir. Ata-babalarymyzyň miras goýan halk döredijiliginiň eserlerini peýdalanmak bilen çaganyň söz baýlygyny, dil medeniýetini ösdürmek mümkindir. Olardan matallar halk döredijiliginiň giň ýaýran görnüşleriniň biri bolup, ol çagalarda pikirlenmek ukybyny kämilleşdirmäge, göz öňüne getirmäni, deňeşdirmäni, göçme manyda berilýän sözlere, sözlemlere düşünmek başarnygyny ösdürmäge ýardam berýär.