Esasy maksat – iş usullarynyň kämilligi

4 Fewral 2021
1430

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň döwlet derejesindäki onlaýn görnüşli usuly-amaly maslahaty boldy. Bu maslahat «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara bilim we terbiýe bermegiň utgaşdyrylan (okuw-terbiýeçilik işlerinde dersara baglanyşygy guramak, okuw işlerini çaganyň durmuş endiklerini ösdürmek boýunça terbiýeçilik işleri bilen utgaşykly alyp barmak) iş usullaryny kämilleşdirmek» diýen at bilen geçdi.

Maslahata Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan mekdebe çenli bilim ulgamynyň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işlerini sazlaşykly alyp barmagyň, guralýan her bir sapaklarda dersara baglanyşygy ýola goýmagyň çaga terbiýesinde ähmiýetiniň uludygy barada bu ugurda zähmet çekýän bilim işgärlerine usuly maslahatlar berildi.

Kümüş HÜMMEDOWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy.