Hünäre kämillik — döwrüň talaby

4 Fewral 2021
1455

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini taýýarlaýan ýeke-täk ýokary okuw mekdebi bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döredilenine şu ýyl 90 ýyl bolýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň tagallasy bilen talyplar ynsan saglygyny goramak ýaly asylly hünäri öwrenýärler.

2010-njy ýylda bu bilim ojagynyň taryhynda ýatdan çykmajak wakalar boldy. Has anygy, 2010-njy ýylyň 27-nji awgustynda bu ýokary okuw mekdebi uniwersitet derejesini alýar. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda lukmançylyk uniwersitetiniň 3000 orunlyk täze binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze binalar toplumynda mugallymlardyr talyp ýaşlar üçin işlemäge, okamaga, ylmy işler bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilendigi guwandyryjydyr.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».