Türkmenistan Watanymyzyň daşary we içeri syýasatynyň esasyny düzýän ýörelgeler
Islendik döwlet, islendik halk, islendik adam parahat durmuşy, abadan ýaşaýşy ähli zatdan gymmatly hasaplaýar. Çünki parahatçylyk we abadançylyk gülläp ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Parahatçylyk söýüjilik müňýyllyklaryň dowamynda goňşy döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet beren halkymyzyň asylly häsiýetleriniň biridir. Dosta wepalylyk, borja ygrarlylyk, goňşa mähribanlyk, myhmana sarpa goýmak her bir türkmeniň ganyna siňendir.