Sanly ulgamyň dünýä ýüzünde uly tizlik bilen ösýän döwründe ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça strategik ähmiýetli wajyp wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sanly ykdysadyýete geçirmek bilen baglanyşykly öňde goýýan wezipelerini iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Mälim bolşy ýaly, konsepsiýada jemgyýetimiziň ähli düzümlerini sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen işleri üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şol esasdan hem, häzirki wagtda ähli ulgamlaryň işini sanlylaşdyrmak möhüm wezipe hökmünde ileri tutulýar.
Sanly ulgama geçmek işleri ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Bu aýratyn hem aragatnaşyk ulgamynyň mysalynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Aragatnaşyk ulgamyndaky işleriň kämilleşdirilmegini hemmetaraplaýyn ösüşiň özi talap edýär. Şonuň üçin hem bu ugurdaky işler döredilen mümkinçilikler esasynda görnetin ýokarlandy hem-de sanly ulgama geçmek ýokary derejede dowam edýär. Muňa raýatlarymyzyň elektron hyzmatlaryndan peýdalanmaklaryny, dürli ulgamlar bilen baglylykdaky gatnaşyklarynda internet arkaly töleg, resmileşdirme, aragatnaşyk hyzmatlary ýaly mümkinçilikleri ulanmaklaryny mysal getirmek bolar.