30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda «Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy. Hususan-da, bular Amul galasy, Mansaf rabady, Könegala, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, at-Tahmalaj duralgasy, Kuşmeýhan orta asyr şäheridir. Bu kerwen ýoly gadymyýetde Amyderýanyň goşandy bolan Zarawşan derýasynyň ýokary akymlaryndan başlanyp, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir.