Ömre ýol beriň!

1 Fewral 2021
1373

Arada teleýaýlymdaky habarda çylşyrymly ýolda awtobusyň sürüjisiniň howlugyp gelýän «Tiz kömek» ulagyna ýol berşi görkezilýärdi. Ugurdaş ulaglaryň sürüjilerine azda-kände päsgelçilik döreden hem bolsa, onuň bu hereketini millionlarça tomaşaçy oňlady. Aslynda, sürüji haýsydyr bir ulaga däl-de, bir ömre ýol berdi. Her minudy, hatda sekundy hasaply «Tiz kömege» ýol berip, ýene bir adamyň bu dünýäde galmagyna sebäp bolandyr.

Bu, aslynda, hemmämiziň borjumyz. Durmuşda her hili ýagdaý bolup bilýär. Kimdir biriniň garaşylmadyk ýagdaýda şikes almagy ýa-da haýsydyr bir nähoşluga ýolukmagy mümkin. Her birimiz şeýle ýagdaýlarda ilkinji kömegi bermegi başarmalydyrys. Eýsem, haýsy ýagdaýda nähili kömek bermeli? Bu sowalyň jogaby her birimize gerek bolup biler. Şonuň üçinem bular barada ýörite hünärmeniň ― welaýat Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkeziniň bölüm müdiri Nigara Hasanowanyň berjek maslahatlary bilen gyzyklandyk.

Söhbetdeş bolan Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.