Öýken maşklary

1 Fewral 2021
1380

Eýsem, öýken maşklary haçan gerek?! Öýken tutuş bedenimizi kislorod bilen üpjün edýän ýeke-täk agzadyr. Muňa mysal edip, öýken maşklarynyň arassa howada gezelenç etmek, ylgamak ýaly görnüşlerini görkezip bileris. Mahlasy, şeýdilende hem-ä şähdimiz açylar, hem-de öýkene kislorod baryp, ähli içki agzalarymyzyň sagdyn işlemegine ýardam bolar. Şeýle-de uludan dem almak dartgynlylygy azaldýar, degna ulgamyny, ýagny, tutuş bedeni rahatlandyrýar. Emma ýiti sowuklama kesellerini geçiren raýatlaryň ýörite öýken maşklaryny her gün azyndan üç gezek etmegi zerurdyr. Çünki sowuklamadan soňra öýken adaty ýagdaýyndan ep-esli kiçelýär. Onuň giňelmegine bolsa diňe öýken maşklary kömek edip bilýär. Bu ýagdaýda aşakda görkezilen maşklary ýerine ýetirmekligi maslahat berýäris. Geliň, bu maşklaryň her biriniň nähili ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçeliň!

Birinji maşk. (Dim-dik durmak). Bu maşkda dik durup, minutda 40-60 gezek dem almaly. Bu bolsa öýkene 100 litr kislorod diýmekdir. Diýmek, çalt dem almagyň öýkeniň giňemegine uly ähmiýeti bardyr.

Çary HUDAÝKULYÝEW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.