Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

29 Ýanwar 2021
1006

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr 2021-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.