Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, 92 ýaşy arka atan mährem ene Hurma Mawyýewa eşretli döwrümize, bagtly şu günlerimize buýsanyp ýaşaýandygyny hemişe tekrarlaýar. Biz onuň döwletli ojagynda myhmançylykda bolanymyzda bu hakykata has aýdyň göz ýetirdik. Sebäbi dili senaly, kalby ajaýyp arzuwlardan doly bu mähribanyň her bir sözünde öwüt-ündew, ýagşy arzuw-hyýallar bar. Ol gün bagtyýar döwrümize buýsanjy nurana ýüzünden, her bir sözünden aýan bolýan ene bizi mähir bilen garşylap gyzykly gürrüňleriň ýumagyny çözledi. Hurma ene özüniň durmuş ýoluny, uruş döwrüne gabat gelen çagalyk, ýaşlyk ýyllaryny ýatlady:
—Ol wagtlar men ýaňy on-on iki ýaşlarymdadym. Heniz kiçijekdigimize garamazdan, deň-duşlarymyz bilen bilelikde ulular bilen deň hatarda zähmet çekýärdik. Gazy gazmak, orak orup, döwek döwmek ýaly işleriň ählisi gyz-gelinleriň gerdenine düşdi. Garaz iş dannar ýaly däldi. Haýsy iş eliňden gelse edibermelidi. Indi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, eşretli günlerimizi görüp, çeken kynçylyklarymyz edil düýş ýaly bolup dur. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýär.