Asmandan arkaly türkmen

28 Ýanwar 2021
1803

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly pelsepewi eseriniň birinji bölüminiň «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly» diýlip atlandyrylýar. Munuň filosofik nukdaýnazardan nähili çuňňur manyly düşünjä eýedigini bilmek has-da gyzyklydyr. Şol sebäpli hem, ilki bilen, bu jümläniň «Asmandan arkaly» diýen birinji düzüm bölegini alyp göreliň. Bu söz düzümini filosofik nukdaýnazardan şeýle beýan etmek bolar: «Asmandan arkaly — Oguz han eýýamyndan gözbaş alyp gaýdýan gadymy taryhyna daýanýan, milliligiň çeşmesi hasaplanýan ruhy mirasa beslenen däp-dessury, ýol-ýörelgesi bolan, Taňrynyň ýalkany». Şeýlelikde, jümläniň «Zeminde zynatly» diýen ikinji düzüm bölegini alyp göreliň. Bu söz düzüminiň pelsepewi manysyna bolsa, şeýleräk tertipde düşündiriş berip bolar: «Zeminde zynatly — ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklara eýe bolan, dagdyr derýalary, sähradyr kölleri, baý haýwanat hem ösümlik dünýäsi bilen sebitde geografik taýdan amatly ýerleşen». Umuman, bu setirlerde dünýäniň dört künjünde uly hormat-sarpa eýe bolan, at-abraýy arşa göterilen ata Watanymyzyň ajaýyp keşbi ussatlyk bilen teswirlenýär. Indi bolsa bu jümläniň manysyna syýasy-jemgyýetçilik nukdaýnazardan seredip geçeliň. Çünki bu babatda alanymyzda, arassa asman — parahatçylygyň, asudalygyň simwoly hasaplanýandyr. Şol sebäpli hem bu jümläniň manysyny şeýle beýan etmek bolýar: «Asmandan arkaly — parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwerlikden gözbaş alýan ýörelgeleri bilen halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan; Zeminde zynatly — adalatly syýasaty bilen dünýäde uly abraý-mertebä, hormat-sarpa mynasyp bolan».

Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň birinji bölüminde adamzat durmuşynyň ruhy gymmatlygyň esasy sütünini onuň Watanyna bolan çäksiz söýgüsi bilen kesgitleýär. Türkmeniň täze taryhy eýýamynyň gymmatlygyny bolsa adamzat durmuşynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty bilen dabaralandyrýar. Munuň netijesinde hem adama goýulýan sarpanyň döwlet derejesinde nähili orna eýe bolup durýandygy suratlandyrylýar.

Döwletgeldi HALLYGYLYJOW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň baş hünärmeni.