Özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary

28 Ýanwar 2021
950

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklaýar. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň öňe süren täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Mugallymlar gazeti».