26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdançasyna gelip, bu ýerde seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Döwlet Baştutanymyz Söwda-dynç alyş merkeziniň, seýilgähiň we «Garagum» myhmanhanasynyň bir toplumda ýerleşmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny, täze, döwrebap seýilgähiň uly ýaşly adamlaryň we çagalaryň dynç almagynyň hem-de gezelenç etmeginiň iň söýgüli ýerine öwrüljekdigini belledi.