Türkmen gelin-gyzlarynyň elinden çykan dünýä belli halylarymyzyň nepis bolmagy üçin inçeden sünnälenilip egrilen ýüň ýüplükler gerek. Halkymyzyň arasynda «Ik aýlanar her ýana, ýumak dolar bir ýana» diýen nakyl bar. Hojambaz etrabynyň Gultak geňeşliginiň ýaşaýjysy, çeper elli gelin Gülşen Jumaýewanyň ýüň saýmak, ik egirmek bilen baglanyşykly şu söhbedini size ýetirmegi makul bildik:
— Ýaşlygymda ulular bir iş etse, meniňem şony öwrenesim gelerdi. Şonuň üçin gulpagymy tasadyp ýören döwrümde maňa kiçiräk ik ýasap beripdiler. Mamam Şeker Babaýewanyň ik okuna ikbaşyň dakylyşy, pişge ýüňüniň ik gözüne berkidilişi barada öwredenleri maňa häzirki günlerde uly goltgy bolýar.