Nagyşlary çuň manyly keçeler

27 Ýanwar 2021
1603

Talyp döwürlerimden bäri keçelere salynýan nagyşlaryň taryhyny öwrenýärin. Keçeler özleriniň döreýiş taryhy boýunça halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine laýyklykda has irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Olar özboluşlylygy, göwrümi, nagyşlary boýunça tapawutlanyp, öý-ojagyň mukaddesligini, maşgala gymmatlyklaryny, tebigatyň kada-kanunlaryny we gözelliklerini aňladýar.

Keçä salynýan «jamy» nagşy — öýüň mukaddesliginiň, rysgal-döwletliligiň nyşany. Bu nagyş salnanda, tärim görnüşli öýjüklere dürli reňkdäki ýüňler salnyp güllenilýär. Şeýle nagyş türkmeniň hatar gurap oturan ak öýlerini, maşgala binýadynyň berkligini aňladýar. Şonuň üçin türkmen zenanlary köpelip, küren-küren oba, il bolmak baradaky arzuwlaryny keçe nagyşlarynda şöhlelendiripdirler.

Gülsenem MÄMMETKULYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň mugallymy.