Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy

27 Ýanwar 2021
990

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birine geldi.

«Balkan».