Watançy nesiller

26 Ýanwar 2021
1707

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndaky sport mekdebiniň sport meýdançasynda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de sport mekdebiniň bilelikde guramagynda «Biz — watançy nesiller» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Onda ýaş türgenler sportuň uzak aralyga ylgamak, köpçülik bolup tanap çekmek, futbol, woleýbol, tens görnüşleri boýunça özleriniň kämilliklerini görkezdiler.

Bu sport ýaryşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändigini görkezdi. Ýeňiji bolan toparlar TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.