Döwletimiziň mizemez güýji

25 Ýanwar 2021
1489

Türkmenistan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylýan, bagtyýar zamanada döwrebap ylym-bilim alýan ýurdy hökmünde tanalýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biziň Watanymyzda ýaş nesilleriň ýokary hilli ylym-bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa milli Liderimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy-da aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu babatda ýaşlaryň ýokary şertlerde bilim almagy we ylym öwrenmegi üçin edilýän aladalar Diýarymyzda amala aşyrylýan işlerde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky bilim ojaklarynyň ählisiniň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrýar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler hökmünde taýýarlanylmagyna we has-da kämilleşmegine uly itergi berýär.

Aýnagözel MEREDOWA,
Magtymguly etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.