Durnukly ösüş milli ykdysadyýetiň baş şertidir

25 Ýanwar 2021
1160

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijesi we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylan baýramçylyk desgalaryny öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça görülýän çäreler, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, elektroenergetika we gurluşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak meselesi barada aýdyldy. Şeýle hem dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek barada geçirilýän işler, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça görlen çäreler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalary we olaryň tejribeli professor-lukmanlary bilen ýola goýlan gatnaşyklar, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça geçirilýän işler, ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň BOMСA we CADAP Maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak, giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy dogrusynda habar berildi.