Çagalyk arzuwy, ýürek islegi Serdary 8 ýaşynda sportuň dzýu-do görnüşine getirdi. Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde önüp-ösen zehinli oglanjygyň sportuň bu görnüşine imrikmegine kakasy Jumanazar Rahymow sebäp boldy.
Ol heniz başlangyç synpda okaýarka kakasynyň göreş tutuşyny synlap, «Menem ulalsam, kakam ýaly pälwan boljak» diýer eken. Halkymyzda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlen pähim bar. Jumanazar aga oglunyň göreşe höwesekdigini bilip, ony etrapdaky 1-nji sport mekdebine eltýär. Serdara bu ýerde tälimçi Baýram Şerapow, öýünde bolsa Jumanazar aga göreşiň inçe syrlaryny irginsiz öwredýärler. Sporta höwesek Serdar etrapdyr welaýat derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, deň-duşlaryndan tapawutlanyp başlaýar. 2017-nji ýylda Serdar Aşgabat şäherindäki Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine okuwa girýär we öz agram derejesi boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiliklerinde, çempionatlarynda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. 2018-nji ýylda bolsa görkezen netijesine görä ol Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalygyna kabul edilýär. Häzirki wagtda hem ol ýygyndy toparyň düzüminde ýaryşlara taýýarlyk görýär.