Möhüm ugurlarda oňyn çözgütler

25 Ýanwar 2021
1102

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda her bir günümiz täze üstünliklere, belent sepgitlere beslenýär. Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen möhüm taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň 22-nji ýanwarda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça oňyn çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek, döredijilik bäsleşiklerini, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna halkara çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan».