Kanunçylyk özgertmeleri dabaralanýar

25 Ýanwar 2021
974

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde döwletimiziň kanun çykaryjylyk ulgamy hem düýpli özgerişlere eýe bolup, kanunçykaryjylyk işinde we umumymilli hukuk ulgamynda täze usullar ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň kanunlary milli aýratynlyklary, dünýä tejribesini hem-de häzirki zamanyň talaplary nazara alnyp, ylmy esasda kämilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna laýyklykda, kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek milli parlamentiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi özüniň esasy wezipesini ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri milli kanunçylykda berkitmekde, syýasy, ykdysady we hukuk ulgamlaryň ösüş ugurlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de dünýä tejribesine laýyk getirmekde görýär we kanunçykaryjylyk işini şol talaplardan ugur alyp kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda deputatlaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda, şol ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň nobatdaky on ikinji maslahaty geçirildi. Maslahatda birnäçe kanunlar we beýleki resminamalar kabul edildi.

Kakageldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.