20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi
Bu ýerde milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzy Olimpiýa şäherçesine gelende bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.