Watan topragynyň ýylysy

21 Ýanwar 2021
2586

Täze dogup gelýän Günüň bulduraşýan şöhlejikleri seni hemişe tebigat gözelliklerini synlamaga çagyrýandyr. Şonda mähriban Watanyň mele topragyndan nazaryňy aýrasyň gelmez. Heňňamlara şaýat bolan bu topragyň keşbi köp wakalardan habar berýändir. Köpetdaga tarap uzalyp gidýän gök tokaýlyklara bürenip ýatan topragyň has juwanlaşandygyny soraman biläýmelidir. Onýança göz öňüňde tyllasow öwüsýän bugdaýly meýdan, goýnundan ýokary tizlikli döwrebap awtoýollara orun beren sähralyklar, bulduraşýan miweleri bilen Zemine tereňlik berýän daragtlar, ähli amatlyklary bilen gurlup, ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary janlanar. Bularyň ählisi bu mele topragyň bereketliliginiň, juwanlygynyň, sahylygynyň alamatydyr. Hawa, munda pederlerimiziň arzuwlan zamanasy joşýandyr. Bu juda ajaýyp pursatdyr. Beýle pursatlarda Asmanda gögerçinler ganat ýaýýandyr, durnalar pessaýlap uçýandyr. Bu gadymy topragyň abadanlygyndan, bagtyýarlygyndan nyşan. Bu bagta türkmen halky 1991-nji ýylyň tylla güýzüniň ajaýyp gününde eýe bolupdy. Hawa, günleri günlerden, aýlary aýlardan, ýyllary ýyllardan tapawutlandyrýan wakalar hakydalarda ýaşaýar, taryhdan orun alýar. Şol ajaýyp wakalaram döwri, zamanany beýgeldýär, ömürleri, ykballary bezeýär. Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümiziň aýratynlygam şondan gelip çykýandyr.

Asmany aý-ýyldyzlar, Zemini dal-daragtlar bezeýän bolsa, bu günki günde mähriban Watanymyzy onuň 30 ýyl mundan öň eýe bolan Garaşsyzlygy görklendirýär. Belentde pasyrdaýan Watan Tugundan mukaddes saýylýan agzybirligi, asudalygy, ynanyşmagy, sylaşmagy görmek bolýar. Munda türkmeniň gadymy ýol-ýörelgeleri bilen dünýä gadam goýýandygyny duýmak bolýar. Pederlerimiz agzybirligi döwletliligiň, bereketliligiň gönezligi hasaplapdyrlar. Maşgalada şineleýän agzybirligiň syrgynyň, obanyň, Watanyň jebisligine ýetirýän täsiriniň näderejede beýikdigini biz her ädimde görýäris. Şanly Garaşsyzlygymyzyň agzybirlikden tutulan binýadynyň berkligem şunuň aýdyň alamatydyr.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».