Perzentler üçin dünýäde eneden arzyly, eneden mähriban ynsan ýok. Ýyllaryň gözümiziň öňünde saçlaryna ak girizip, gül meňzine ýygyrtlary düşürenini görenimizde, bu mähriban ynsanlara bolan söýgimiz has-da artýar. Perzentleriniň bagty üçin ömrüni yhlas bilen irginsiz zähmete bagyşlaýan eneler mertligiň hem edebiň beýik nusgasydyr.
Mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde eziz enelere çuňňur söýgüsi, mähir mukamy bar. Çünki onda türkmen maşgalasynyň edep-ekramy, görüm-göreldesi jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň öý-ojaklarymyzyň bezegi hem diregi bolan, barlygy bilen ynsan kalbynda ýylylyk döredýän, nurana geljege ruhlandyryp, baky bagta atarýan mähriban käbelerimiz baradaky ajaýyp eserini gaýta-gaýta okap, mährem eneň bilen bagly söhbetlere dolanýarsyň. Ynsan kalbyna güýç-kuwwat berýän ene kalby ýaz ýaly ýakymy bilen seni bagryna basar-da, ünjüleriňden halas eder. Gahryman Arkadagymyzyň mähir mähraby bolup oturan käbesi bilen bagly: «Ejem janyň hemişe gepleýşi örän mylakatly hem özüneçekiji bolandygy üçinmi, nämemi, biz ondan üýtgeşik mähribanlygy aňýardyk. Ýüregi bilen bizi ezizleýändigine, janyndan jan berýän mähribandygyna düşünýärdik. Ol: «Siz meniň guwanjym, ganatymsyňyz!» diýýärdi» diýen ajaýyp jümläni okanyňda eneleriň mährem mekdebine hormatyň has-da artýar.