Bilim biziň bagtymyz

20 Ýanwar 2021
1661

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda her bir güni ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaga bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleri, onuň çäginde geçirilýän taslama bäsleşikleri hem şeýle mümkinçilikleriň aýdyň mysaly bolup durýar. Men hem bu taslama bäsleşigine matematika dersi boýunça gatnaşyp, öz gezegimde «Bilimde sanly ulgamyň ornaşdyrylýan döwründe okuwçylaryň okuw üstünliklerini bahalandyrmak üçin matematika boýunça testleri işläp düzmek» atly taslamamy hödürleýärin. Bu taslama işiniň täzeligi, sapaklarda okalýan, iş ýüzünde doly özleşdirilmedik mowzuklar boýunça matematika dersinde okuwçylaryň bilim derejesine baha bermek üçin işlenip düzülen testleri elektron goruna ýerleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle zehin bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmeginiň biz — ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdaky, bilim derejesini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti diýseň uludyr. Munuň özi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň geljegi üçin hormatly Prezidentimiziň edýän atalyk aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Goý, ýurdumyzy ylym-bilimiň pajarlap ösýän mekanyna öwren milli Liderimiziň jany sag, başy dik, tutýan belent maksatlary elmydama rowaç bolsun!

Güljeren MÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy.