Ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen edebiýat meýdanynda öçmejek yz galdyran türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüne çekijidir. Nusgawy şahyrlarymyza uly sarpa goýýan milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem ýokary baha berýär. Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde hem akyldar şahyryň dana setirlerine uly orun berilýär. Akyldar şahyrymyz ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dür dänesi kimin eserleri döredip, türkmen jemgyýetiniň we nusgawy edebiýatynyň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlapdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Magtymguly akyldar halkymyzyň akyl-paýhasa bolan yhlasly ymtylmasyny beýik derejä göterdi» diýip ýerlikli belleýär.
Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak bilen baglanyşykly tutumly işler amala aşyrylýar. Şahyryň umumadamzat ruhy-medeni hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň ençemesinde okalýar. Dünýä belli gündogary öwreniji alymlar we akyldarlar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp, gymmatly maglumatlary topladylar hem-de birnäçe ylmy işleri çap etdiler.