Taryhy we ylmy maglumatlara nazar aýlanymyzda, adamzat tarapyndan oduň hojalykdadyr önümçilikde giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösmegine hem-de ylmyň kämilleşmegine, durmuşda öňegidişlikleriň gazanylmagyna giň ýol açandygyna göz ýetirýäris. Ýöne oduň gözegçiliksiz galdyrylan ýa-da oňa eýeçilik gözi bilen çemeleşilmedik halatlarynda, adamyň janyna, daşky gurşawa, döwlet, hususy we jemgyýetçilik emläklerine düýpli zeper ýetmegine getirýändigini hem unutmaly däldiris.
Bagtyýarlyk döwrümiziň abadan binalarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyzdygy öz-özünden düşnüklidir. Çünki bu häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş, önümçilik we beýleki maksatly binalardyr desgalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimiziň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen, ägirt uly býujet we maýa goýum serişdeleriniň miwesidir.