Ruhubelentligiň mekany

19 Ýanwar 2021
2109

Hormatly Prezidentimiz: «Biz «Sport — ruhubelentlik we sagdynlyk!» diýen ýörelgeden ugur alyp, türkmen sportuny dünýä bilen sazlaşykly ösdürmekde tutumly işleri alyp barýarys!» diýip bellemek bilen, sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek ugrunda guwandyryjy işleri durmuşa geçirýär. Bu gün eziz Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde häzirki zaman sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, sport meýdançalarynyň üstünlikli hereket etmegi, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli türgenleşmekleri we barha taplanmagy, dürli derejedäki ýaryşlarda sport ussatlygyny görkezmegi ugrunda döredilen şertler şeýle diýmäge esas berýär.

Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň, «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň, Buzly köşgüň, Suw-sport toplumynyň, Golf sport toplumynyň, Gyşky oýunlar sport toplumynyň we beýleki köp sanly sport desgalarynyň gurulmagy ata Watanymyzyň sport ýurduna öwrülendigini alamatlandyrýar. Geçen ýyllarda Olimpiýa şäherçesinde halkara derejesindäki iri sport ýaryşlarynyň birnäçesiniň geçirilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Şol ýaryşlaryň esasylarynyň biri-de, 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarydyr. Bu oýunlar türkmen sportunyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Sebitiň abraýly ýaryşynda türkmen türgenleriniň gazanan taryhy üstünligi ulus-ilimizi begendirdi. Şonuň üçin hem, Olimpiýa şäherçesi paýtagtymyzyň, tutuş türkmen halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.

Bägül TAGIBAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.