Rowaçlyga beslenen ýyl bolar

13 Ýanwar 2021
1731

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň giňden belleniljek ýylynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Eziz Arkadagymyzyň tutuş dünýäde uly gyzyklanma, goldawa eýe bolýan döwlet syýasatynda ählumumy parahatçylygy berkitmek, dostlugy, hoşniýetliligi, birek-birege ynanyşmagy dabaralandyrmak asylly ýörelgeler bolup durýar. Dünýäniň abraýly halkara bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden gelip çykýan bu ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň binýatlyk esasyny düzýär, dünýä döwletleri, halklary bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarymyzy baýlaşdyryp, onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gural bolup durýar, Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Berkarar Diýarymyz halkara ähmiýetli iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän ajaýyp mekanyna öwrülýär, özüniň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahatçylykly durmuşyň, döredijilikli ösüşiň rowaçlyklaryna gönükdirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly beýik tutumlary bilen bu hakykaty ýene bir ýola dünýä ýaýar.

Nurbibi HOJAGURBANOWA,
Balkanabat şäherindäki 31-nji “Aýgül” çagalar bakja-bagynyň müdiri.