Saglyk - baş baýlyk

13 Ýanwar 2021
1743

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe boldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň jan saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine yhlasly zähmet çekmäge itergi berdi. Häzirki wagtda bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ählisinde, şol sanda, şypahana ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda bolsa «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş işgärleriniň ýol görkezijisi bolup hyzmat edýär. Sanlyja ýyllaryň içinde dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp ulanylmaga berlen hassahanalaryň we saglyk merkezleriň, köpsanly sagaldyş-dynç alyş öýleriň, sport desgalaryň, şypahanalaryň, türkmen topragynyň müň bir derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralaryň onlarçasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş ulgamyny uly ösüşlere eýe etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde buýan köküniň adamyň saglygyna edýän netijeli täsiri dogrusynda aýratyn nygtady. Il arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, buýan köki içde döreýän keselleri, üsgülewügi, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir, ol immun durnuklylygyny hem berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda, şeýle-de halk lukmançylygynda öçmejek yz goýan Lukman Hekimiň «Melhemler» kitabynda buýan ösümliginiň aýratynlyklary, peýdaly häsiýetleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Buýan köküniň düzüminde glýukoza, pektin, salonin saponinler, flawonoidler, efir ýaglary, pigmentler ýaly peýdaly maddalaryň saklanýandygy üçin, ol dermanlyk serişde hökmünde halk lukmançylygynda gadymy döwürlerden bäri giňden ulanylýar. Häzirki döwürde bu ösümlik 350-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýar.

Amanmyrat GYLYÇTAGANOW,
Mollagara şypahanasynyň baş lukmany.