Itburun

12 Ýanwar 2021
2069

Ýurdumyzda güýz paslynda ýetişýän dermanlyk häsiýete eýe bolan itburnuň şypasy il içinde giňden bellidir. Onuň bişen miwesi ýygnalýar, guradylan görnüşde dermanhanalarda halka hödürlenýär. Tebigy ösümlikleriň peýdasyny bilip, gündelik durmuşda ulanmagy başaran ene-mamalarymyz itburunyň miwesinden ter we gury görnüşinde dürli önümler taýýarlaýarlar.

Bu pürli ösümlik bägüller maşgalasyna degişlidir. Oňa „«ýabany bägül» hem diýilýär. Süýrümtik, üljä çalymdaş, gyzyl ýa-da gyrmyzy, sarymtyl gyzyl reňkli miweleri bolýar. Itburnuň dermanlyk häsiýeti gadym döwürlerden bäri belli bolupdyr. Ol bedeniň immunitetini — kesellere garşy göreşijilik ukybyny berkidýär, bedeniň garramagynyň öňüni alýar. Itburun düzüminde C ýokumyny iň köp saklaýan miwedir. Meselem, C witamini itburnuň miwesinde limondakydan 50 esse, gara smorodinadan 10 esse kändir. Şonuň üçin ony güýz-gyş aýlary, sowuklama ýoňlamasynyň ýaýraýan döwri ulanmak örän peýdalydyr.

Ogulgözel POLADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.