Kämil ýaşlar ýetişdirilýär

12 Ýanwar 2021
1735

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyz milli ruhda terbiýelenip, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Bu günki ýaşlarymyzyň ylym-bilimli bolmagy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berdi. Şonuň üçin hem ýaşlarymyz her bir hünärden başy çykýan, sagdyn nesiller bolup kemala gelýär.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda ýaşlara bilim-terbiýe bermek, olary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek mugallymlaryň baş maksadydyr. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna, milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berýär. Şonuň üçin hem, häzirki döwürde ýaşlaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin sanly bilim bermegiň iň täze usullary işlenip düzülýär, ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwretmek kämilleşdirilýär. Milli bilim ulgamynyň iň täze usullar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa ýurdumyzda ylym-bilimiň döwür bilen deň gadam basýandygyny aýdyň görkezýär.

Aýzada MOLLAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.